1

заявитель

Постоянно Sürüji

для QED Group LLC. (Все города)

Sürüji (Türkmenistanyň raýatlary üçin)

Resminamalary tabşyrmak üçin iň soňky güni  6-njy iýun, 2021.

Işgär wezipeleri

QED hakynda

QED Group LLC, 100 golaý ýurtda işleýän we 20 ýyldan gowrak tejribesi bolan, maglumatlara esaslanýan innowasion çözgütleri işläp düzýän we teklip berýän ýöriteleşen global maslahat beriş kompaniýasydyr. Biz bilime esaslanýan, çözgütler we teklipler arkaly ýaşaýyş şertlerini kämmileşdirmek isleýäris. Monitoring, baha bermek, global saglyk we bilim ulgalmalarynda tejribämiz arkaly, müşderilerimize maglumatlary ýygnamaga, derňemäge, meýilleşdirmäge we netijede ol maglumatlary has peýdaly ulanmaga kömek edýäriss. Kompaniýa öz işiniň netijeleligini ýokarlandyrmakda täze tehnologiýalar we innowasiýalara esaslanýar, şeýle hem öňdebaryjy guramaçylyk we takyk maglumatlara esaslanýan iş usullaryny ulanýar.

 

 

Maksatnama hakynda

 

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine goldaw bermek” maksatnamasy Türkmenistanyň döwlet edaralaryna  maslahat beriş  we tehniki goldawyny berýär.

QED Group LLC  kompaniýasy maksatnama üçin Sürüji gözleýär. Sürüji, Maksatnamanyň Maliýe we iş dolandyryş meseleleri boýunça menejeriň ýolbaşçylygynda öz wezipesini ýerine ýetirer.

 

 

Wezipe borçlary:

 

  • Maksatnamanyň işine we zerurlyklary bilen bagly makstanamanyň işgärlerine sürüjilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek;
  • Resminamalary alyp getirmek we zerur bolanda beýleki tabşyryklary ýerine ýetirmek.
  • Awtoulagy talaba laýyk saklamak;
  • Awtoulagy dolandyrmak üçin gerekli bolan ähli resminamalaryň bar bolmagyny üpjün etmek;
  • Ofisi we dolandyrmakda administratiw işgärlere ýardam bermek;
  • Maksatnamanyň çärginde kabul edilýän myhmanlary howa menzilinde garşy almak we ugratmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek;
  • Wizalary resmileşdirmek, myhmanhanalarda otaglary bronirlemek we şuňa meňzeş iş saparlar bilen bagly beýleki tabşyryklary ýerine ýetirmek;
  • GSP-nyň gurnaýan konferensiýalaryna, okuw maslahatlaryna we beýleki çäreler bilen baglanyşykly tabşyryklary ýerine ýetirmek;
  • Maksatnama bilen baglanşykly beýleki tabşyryklary ýerine ýetirmek.

TALAPLAR  

·       Türkmenistanda ýaşaýan we Türkmenistanyň raýaty bolmaly;  

·       Gutarylan orta bilim;

·       B derejeli sürüjilik şahadatnamasy

·       Howpsuz we gurat işleýän hususy awtoulagy bolmaly;

·       Azyndan 5 ýyll professional sürüjilik tejribesi bolmaly;

·       Sürüjilik düzgünlerini we kadalaryny gowy bilmeli;

·       Türkmen we rus dillerini suwara bilmeli. Iňlis dilini başlangyç derejede bilmeli.

·       Aşgabat şäheriniň ýollaryny gowy bilmeli;

·       Gowy aragatnaşyk başarnyklary we gowy topar agzasy bolmaly.

 

Resminamalary tabşyrmagyň düzgünleri

Bu wezipä resminamalary tabşyrmak üçin öz CV/rezýüme (we beýleki şahsy maglumatlar) 6-njy iýuna çenli şu salgy boýunça: MNuriyeva@qedgroupllc.com; MGurbanova@qedgroupllc.com   ýa-da şu saýta ugratmaly: https://careers-qedgroupllc.icims.com/jobs/2134/driver---usaid-turkmenistan-governance-support-project-%28gsp%29/job

Üns beriň, diňe talaplara gabat gelýän dalaşgärlere habar beriler. Telefon jaňlara jogap berilmäýändigi barada habar berýäris.  

QED Group LLC hemmelere deň mümkinçilikleri döredýär hem-de aýallaryň we azlyklaryň toparyndan bolan dalaşgärleri goldaýar.   

 



Недавние вакансии для QED Group LLC.
Постоянно Partnership Coordinator для QED Group LLC., Все города 26-05-2021
Постоянно Program Coordinator для QED Group LLC. в городе Ашхабад 11-02-2021
Постоянно Youth Skills Development Lead for USAID project для QED Group LLC. в городе Ашхабад 08-12-2020
Постоянно Partnership and Local Institutional Capacity Building Lead for USAID project для QED Group LLC. в городе Ашхабад 08-12-2020

« Обратно в категории
Здесь ошибка? Расскажи нам!   
Рекомендовать другу
Опубликовано 25-05-2021
Просмотрено: 898 раз